Eziz Misgin obam owadan sen owadan    , ,

Älemgoşar ýelegi deý tawusyň
Eziz obam owadan sen owadan
Hem ynsabym hem arassa namysym 
Eziz ýaýlam owadan sen owadan
Ylham alap ak säherden öýleden
Kem etmesin seni sylap söýmeden
Gül jemallaň başyňdaky öýmeden
Eziz obam owadan sen owadan
                                 
Gezeleň galdyrýar peselen taplaň
Şerbet tagamy bar suwunda ýaplaň
Öwülýa uçmak deý gadym kitapdan
Eziz obam owadan sen owadan 
                                   
Nowaýyň wasp eden leýlisi ýaly
Şygyr äleminiň meýlisi ýaly
Mährem eneleriň hüwdüsi ýaly
Eziz ýaýlam owadan sen owadan
          
        Türkmen halk aýdymy